Russiýanyň Demirgazyk Koreýa, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň kesgitlän çäginden has köp mukdardaky işlenen nebiti ýaşyryn ýagdaýda iberýändigine çalym edýär diýip, Ak Tam 2-nji maýda aýtdy.
Bu Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýarag we raketa programmalary sebäpli, Phenýana garşy girizilen uzak möhletli sanksiýalaryň berjaý edilişine gözegçilik edýän BMG-niň ekspertler paneliniň mandatynyň täzelenmegine weto goýmagy netijesinde, bu gurluşyň dargadylmagyndan soň mälim edildi.
“Moskwanyň paneliň mandatynyň täzelenmegine weto goýan pursady, Russiýa arassalanan nebiti Wostoçnyý portundan [Demirgazyk Koreýa] iberýär” diýip, Ak Tamyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jon Kirby žurnalistlere aýtdy.