Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odesa urlan zarba 5 adamy öldürdi, Zelenski ýarag üpjünçiligini çaltlaşdyrmaga çagyrýar


29-njy aprel. Odesa
29-njy aprel. Odesa

Russiýanyň Gara deňiz boýundaky port şäherine, Odesa eden raketa hüjümi bäş adamyň ölmegine, 32 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebit häkimi 29-njy aprelde aýtdy. Bu habar prezident Wolodymyr Zelenskiniň ukrain goşunlaryny barha azalýan we örän zerur ýaraglar bilen has çalt üpjün etmäge eden çagyryşynyň birnäçe sagat soňundan berildi.

Gubernator Oleh Kiper Telegramda Odesa öten agşam edilen hüjümde üç aýalyň we bir erkegiň ölendigini aýtdy. Soňra ol, bu hüjüm netijesinde, başga bir erkegiň ýüreginden tutup ölendigini habar berdi.

Ýaralanan 32 adamyň 25-si keselhanada. Olaryň arasynda 16 we 5 ýaşlaryndaky iki çaga, göwreli aýal hem bar. Ol 5 ýaşly çaganyň ýagdaýynyň has agyrdygyny, uly adamlaryň bolsa altysynyň agyr ýagdaýdadygyny aýtdy.

Zelenski ýarag üpjünçiligini tizleşdirmek baradaky sözlerini biraz öň Kiýewde, NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol az mukdarda ýaraglaryň we ok-däriniň Ukraina gelip başlandygyny aýdyp, pursadyň elden berilmezligine, ýaraglaryň iberilmeginiň has tizleşdirilmegine çagyrdy.

"Biziň goşunymyza öz wagtynda goldaw berilmeli. Bu günki günde men bu meselede entek oňyn zat göremok. Üpjünçilik bar, olar ýuwaş-ýuwaşdan başlandy, ýöne bu proses tizleşdirilmeli" diýip, prezident aýtdy.

"Üpjünçiligiň çaltlygy göni manysynda front liniýasyndaky durnuklaşmany aňladýar .... Biz bilelikde rus hüjümini bozmaly" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden geçen hepde 61 milliard dollarlyk harby kömek bukjasyna gol çekeli bäri Ukraina iberilýän ýaraglaryň köpelmegine garaşylýar. Baýden bu bukjanyň ukrain şäherlerini we infrastrukturasyny goramak üçin zerur bolan artilleriýa toplaryndan, uzak aralyk raketa ulgamlaryndan, howa goranyşy oklaryndan ybarat boljakdygyny aýtdy.

Ukrain paýtagtyna Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başlan giň gerimli çozuşyndan bäri üçünji gezek sapar edýän Stoltenberg "goldawyň çynlakaý gijikmeginiň söweş meýdanyndaky agyr netijeleri aňladýandygyny" aýtdy.

"ABŞ bu bukja meselesinde birnäçe aýlap ylalaşyga gelip bilmedi, ýewropaly ýaranlar bolsa, wada beren möçberlerindäki ok-därileri iberip bilmedi" diýip, Stoltenberg aýtdy. "Ukraina birnäçe aý bäri ýarag ýetmezçiligini başdan geçirýär we öz ok-därilerini tygşytlamaga mejbur edildi .... Has köp kömek gelýär, olar ýolda” diýip, NATO-nyň baş sekretary aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 29-njy aprelde gündogar Ukrainanyň Donetsk sebitinde bir obany basyp alandygyny, günbatara tarap ilerleýändigini aýtdy.

"Merkezi topar güýçleriniň bölümleri ... Donetskdäki [Semeniwka] obasyny azat etdi" diýip, ministrligiň telegram habarynda aýdylýar.

Ukraina garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän habara hiç bir düşündiriş bermedi.

Semeniwka fewral aýynda, birnäçe aýlap dowam eden gazaply söweşden soň rus goşunlaryna tabyn bolan Awdiýwkadan takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýär.

Ukrainanyň ýokary derejeli generaly 28-nji aprelde Kiýewiň gündogardaky goşunlarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, Russiýanyň “ähli front” boýunça hüjüm edip, “käbir taktiki üstünlikleri” gazanandygyny we ukrain goşunlarynyň täze goranyş pozisiýalaryna yza çekilmäge mejbur bolandygyny duýdurdy.

Syrskiý iň kyn ýagdaýlaryň “gazaply söweşleriň dowam edýän ýerinde”, Kurahowe hem-de Pokrowsk etraplarynda dörändigini aýtdy.

"Bu ugurlarda dört brigada çenli güýç ýerleşdiren duşman Awdýiwkanyň we Maryinkanyň günbataryndaky hüjümi ýaýbaňlandyrmaga synanyşýar we Pokrowskä we Kurahowa tarap ýol arçaýar" diýip, general aýtdy.

"Umuman aýdylanda, duşman bu ugurlarda belli bir taktiki üstünlik gazandy, ýöne amaly artykmaçlyklary gazanyp bilmedi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG