Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2023-nji ýylda Russiýanyň Gazprom kompaniýasy rekord ýitgileri çekdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

2-nji maýda Russiýanyň energiýa läheňi Gazprom geçen ýyl rekord derejedäki zyýana galandygyny mälim etdi. Bu Moskwanyň Ukrainadaky alyp barýan urşy sebäpli girizilen sanksiýalaryň netijesinde, Ýewropa bazarynyň rus gaz eksportlaryna ýapyk saklanmagynyň arasynda bolup geçýär.

Döwletiň eýeçiligindäki Gazpromyň geçen ýylky arassa ýitgisi, 2022-nji ýyldaky 1.23 trillion rubl arassa girdejisi bilen deňeşdirilende, 629 milliard rubla ($6.9 milliard) deň boldy.

Bu görkezijiler Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladan urşundan soň, Moskwa garşy girizilen Günbatar sanksiýalarynyň agyr netijelerine yşarat edýär.

XS
SM
MD
LG