Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda medisina işgärleriniň 'üç arkasy' çuňlaşdyrylan görnüşde barlanýar


Türkmen lukmanlary (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen lukmanlary (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň saglygy goraýyş müdirligi welaýatyň ähli etraplaryndaky medisina işgärleriniň arasynda üç arka barlagyny täzeden geçirip başlady. Azatlygyň habarçylary welaýatyň saglyk resmileri we medisina işgärleri bilen söhbetdeş bolup, täze talap bilen bagly ýagdaýy anykladylar.

Işgärleriň üç arka barlagy şu günler Türkmenbaşy şäheriniň we etrap hassahanalarynyň hem-de saglyk öýleriniň ählisinde geçirilýär. Kadrlar bölümleri saglyk işgärleriniň "çuňlaşdyrylan üç arka resminamasyny" tapyp getirmegi talap edýärler.

Uç arka resminamasy adatça maşgalalarda ene-ata, baba-mama derejesinde üç nesilde suda-çekilip çekilmändigi hakynda maglumaty öz içine alýar. Indi üç arka resminamasynyň çuňlaşdyrylan görnüşiniň nämedigini sorap baran işgärlere şeýle düşündiriş berlipdir:

"Hassahananyň kadrlar bölüminiň hünärmeni şu sapar işgärlerden soralýan çuňlaşdyrylan talapnamasynda işgäriň oglunyň ýa-da gyzynyň durmuş guran maşgalasyndaky ene-atalary, ýagny gudalary, körekenleri we gelinleri barada hem doly maglumat soralýandygyny düşündirdi" diýip, balkanly saglyk işgäri gürrüň berdi.

Bu ýagdaýy anonim görnüşde tassyklan balkanly saglyk resmisiniň sözlerine görä, medisina işgäriniň ýakynlarynyň arasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilenler anyklansa, şol lukman ýa-da şepagat uýasy, "tapawut goýmazdan" işinden boşadylmaly bolar.

Türkmenbaşyda şäheriniň hassahanalarynyň lukmanlary üç arka barlagynyň özlerine işden kowulmak howpuny salýandygyny aýdýarlar. Olar onlarça ýyllap çeken zähmetine, tejribesine we ýokary lukmançylyk derejesine garamazdan, öz garyndaşlarynyň arasynda sud edilenleriň bolmagy sebäpli işinden mahrum bolmagynyň adataly däldigini aýdýarlar.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenbaşyly lukmanlar sud edilenleriň tas her bir maşgalada bardygyna ünsi çekýärler. Korrupsiýanyň, býurokratiýanyň fonunda agyr sosial-ykdysady problemalaryň, işsizligiň, jenaýatçylygyň giň ýaýran ýurdunda, ilatyň öz kanuny hukuklaryny goramagyna şertleriň tas ýoklugyny belläp, häkimiýetleriň üç arka barlagynyň özlerini çykgynsyz ýagdaýa salýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda ýerli çeşmeler üç arka barlagyndan päsgelçiliksiz geçmek meselesini para berip, çözüp bolýandygyny aýdýarlar.

"Bir maşgala agzam ýakynda türmä düşdi. Maňa işden kowulmak garaşýar. Emma kadrlar bölüminde meniň uly iş tejribämi göz öňünde tutup, pul bilen meselämi çözüp berdi" diýip, saglyk öýüniň lukmany gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Bakan welaýatynda üç arka barlagynyň çuňlaşdyrylan görnüşinden päsgelçiliksiz geçmek üçin para 5 müň manada ýetýär. Lukmanlaryň ortaça iki aýlygyna barabar bu pul Merkezi Bankyň resmi kursuna görä 1428,5 amerikan dollaryna barabar.

Çeşmeleriň sözlerine görä, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň öz işleýän ýerinde tabşyrýan resminamalary etrap we welaýat saglyk müdirliklerine ugradylýar we soňunda Saglyk ministrliginde barlanýar.

Azatlyk Radiosynyň dilden edilen bu talap barada Saglyk ministrliginiň wekillerinden resmi görnüşde maglumat almak synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistanyň saglyk işgärleri ýyllarboýy basyş astynda işleýärler.

Hassahanalaryň maddy üpjünçiliginiň gowşaklygy hem hassalary hem-de lukmanlary gynaýar. Lukmanlaryň durmuş zerurlyklary üçin zordan ýetýän aýlyklaryndan her aýda metbugata, ýolbaşçylaryň portretlerine we kitaplaryna, arassaçylyga, köpçülikleýin çärelere we oba hojalygyna esli mukdarda pul tutulýar.

Türkmenistandaky agyr işsizlige garamazdan, soňky ýylda medisina işgärleriniň arasynda işinden meýletin çykyp, daşary ýurtlara gazanja gidýänleriň sany köpelýär. Ýokary hünärli lukmanlar Türkiýe ýaly ýurtlarda gara işde işlemegi saýlamaly bolýarlar.

Munuň netijesinde ýurtda medisina işgärleriniň ýetmezçiliginiň güýçlenendigini Azatlygyň habarçylary habar beripdi.

"Saglyk pudagynda onsuzam kadr ýetmeýär. Lukmanlar şepagat uýalary aýak aldygyndan daşary ýurtlara iş gözeginde gidip durlar. Bu aralykda ýene adamlary üç arka eleginden geçirmekleri emeldarlaryň açgözlüginden başga zat däl. Korrupsiýanyň zynjyry gaty uzaldy. Olar lukmanlary ýurtdan kowmak isleýän ýaly. Lukmanlar aýlyklarynyň azlygyndan şikaýat edip bilmeýärler, şeýdip, hünärmenler işini taşlap, ýurtdan gitmek bilen öz protestini mälim edýärler" diýip, ýerli lukman aýdýar.

Üç arka barlaglary ýurduň ähli býujet edaralarynda geçirilýär. Geçen ýyl Maryda bedenterbiýe mugallymlaryndan üç arka maglumatlary talap edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG