Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski kömek gelmese, rus zarbalarynyň öňünde durmagyň kyndygyny duýdurýar


Prezident Wolodymyr Zelenski
Prezident Wolodymyr Zelenski

Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa sebitine eden hüjümleri azyndan üç adamyň ölmegine we üç adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebit gubernatory Iwan Fedorow 8-nji aprelde, telegramda aýtdy.

Bu hüjüm Kiýewiň ýeterlik howa goragy ulgamlary, ok-däri meslesinde kösenýän we Moskwanyň Ukrainanyň raýat desagalaryna hem-de infrastrukturasyna urýan zarbalaryny güýçlendiren wagtyna gabat geldi.

Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainadaky ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny, respublikan kanun çykaryjylarynyň garşylygy sebäpli ABŞ-nyň Wekiller palatasynda öňi alnan 60 milliard dollarlyk harby kömek bukjasyny çalt almasa, Kiýewiň bu uruşda ýeňlişe sezewar bolup biljekdigini duýdurdy.

Respublikan kanun çykaryjylar bu bukjanyň islendik görnüşdäki tassyklanmasynyň içerki immigrasiýa syýasaty reformalary bilen berk baglanyşdyrylmagyny talap edýärler.

Wolodymyr Zelenski 7-nji aprelde, Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine garşy edýän howa hüjümlerini barha güýçlendirýän wagtynyň arasynda, günbatar ýurtlaryny öz ýurduny howa goragy ulgamlary bilen üpjün etmäge çagyryp, wideo hem çap etdi.

Zelenski 7-nji apreldäki wideo ýüzlenmesini, Russsiýanyň Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow şäherine uran iki zarbasy zekiz sany parahat adamy öldürip, azyndan on adamy ýaralanyndan soň, twitterde çap etdi.

"Ukrainadaky howa goranyş ulgamynyň ýeterlik däldigi açyk-aýdyň we bu biziň ähli hyzmatdaşlarymyza belli" diýip, Zelenski aýtdy. “Dünýäniň beýleki ýerlerinde bize kömek edip biljek howa goragy ulgamlary bar. Olaryň Ukraina geçirilmegi üçin diňe syýasy erk-isleg zerur bolup durýar" diýip, ukrain lideri aýtdy.

Häkimiýetleriň tutuş sebit boýunça howa hüjümi duýduryşyny yglan etmegi bilen, Fedorow Russiýanyň raketa zarbalarynyň soňky tolkunynda sekiz şäherçäniň nyşana alnandygyny aýtdy.

"Duşmanyň Zaporižýa sebitiniň Polohywskiý etrabyna köp sanly raketa atyjy “Grad” ulgamy bilen eden hüjümleri netijesinde üç adam ölüp, üç adam ýaralandy" diýip, Fedorow ýazdy. Ol hüjüm wagtynda ýedi binanyň we raýat infrastrukturasynyň zaýalanandygyny aýtdy.

Russiýanyň soňky hüjümi BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna 7-nji aprel güni giçlik dronlar bilen hüjüm edilendigini, “muňa ýol berilmeli däldigini” aýdanyndan soň edildi.

Halkara atom energiýasy agentliginiň (HAEA) başlygy Rafael Grossi, zawodda ýerleşýän HAEA hünärmenler topary "Zaporožiýa ýadro elektrik stansiýanyň esasy reaktor saklýayş gurluşlaryna azyndan üç gezek göni urgynyň bolandygyny tassyklanyndan soň", berk duýduryş yglan etdi.

Grossi ozalky twittered, X-de "Bu bolup bilmez" diýip ýazdy. Ol 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan Ukraina urşundan bäri rus güýçleri tarapyndan gözegçilik astynda saklanýan zawoda kimiň hüjüm edendigini anyklaşdyrmady.

"Ýadro desgalaryna edilen hüjümlerden hiç kim hiç hili harby ýa-da syýasy artykmaçlyk gazanyp bilmez” diýip, Grossi ýazdy.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki ýadro gullugy “Rosatom” bu zarbalaryň arkasynda Ukrainanyň durandygyny öňe sürdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw gullugy bu hüjüme ol ýa-da beýleki görnüşde dahyllydygyny ret etdi we onda Russiýany günäkärledi.

"Agressor döwlet [Zaporižýa] ýadro desgasyna, parahat ilata we Ýewropanyň daşky gurşawyna ýene bir gezek howp salýar" diýip, Baş aňtaw gullugynyň metbugat sekretary Andriý Ýusow aýtdy. Ol bu hadysanyň Russiýanyň “hemişelik jenaýatçy praktikasynyň” bir bölegi bolandygyny hem sözüne goşdy.

Ukrain harbylary howa goranyş ulgamlarynyň Russiýanyň 8-nji aprelde irden Ukrainanyň bäş sebitine - Odesa, Mikolaýiwe, Kirowohrada, Hmelnytskä we Žitomire gönükdiren 24 pilotsyz uçarynyň 17-sini urup gaçyrandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG