Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Yslam döwleti» toparynyň Owganystan bölegi «Welaýat Horasan» nädip 'esasy güýje' öwrüldi?


Näbelli ýagdaýda düşürilen wideo ýazgyda, YD-H toparynyň esaslandyryjysy Hafiz Saýid (ortada) 2015-nji ýylyň ýanwarynda, Owganystan-Pakistan serhedinde dur.
Näbelli ýagdaýda düşürilen wideo ýazgyda, YD-H toparynyň esaslandyryjysy Hafiz Saýid (ortada) 2015-nji ýylyň ýanwarynda, Owganystan-Pakistan serhedinde dur.

ABŞ-nyň resmileri ýaňy-ýakynda Russiýanyň paýtagtyndaky konsert zalyna edilen terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini «Welaýat Horasan» toparynyň üstüne ýükledi. «Yslam döwleti» guramasynyň Owganystandaky toparyna “Yslam döwleti-Horasan” (DAIŞ-H) hem diýilýär. Bilermenleriň pikirine görä, Moskwada bolup geçen terrorçylykly waka bu toparyň barha artýan maksatlaryny we ony geçirmäge mümkinçilikleriniň bardygyny, şeýle hem guramaçylykda esasy orun alýandygyny görkezdi.

On ýyl mundan ozal döredilen wagtyndan bäri «Welaýat Horasan» (DAIŞ-H) jeňçileri esasan Owganystanyň we Pakistanyň çäginde terrorçylykly hereketleri amala aşyry geldi.

Emma häzir YD-nyň owgan toparynyň köpçülikleýin heläkçilikli hüjümleriniň sany Günorta Aziýada, şol sanda Eýranda we Russiýada gitdigiçe artdyrýar.

Hünärmenleriň belleýşine görä, 22-nji martda Moskwanyň etegindäki konsert zalyna edilen hüjümde köpleriň DAIŞ-H-ny günäkärleýän hereketinde, toparyň maksatlarynyň barha artýandygyny, şeýle hem onuň söweşijileri özüne çekmekdäki guramaçylygyny görkezýär.

«Bu wakada YD-nyň ol topary öňdebaryjy halkara filiala öwrüldi» diýip, MilitantWire.com saýtyny döredenleriň biri we redaktory Lukas Webber aýdýar.

Webberiň sözüne görä, YD-nyň Siriýadaky we Yrakdaky merkezi ýolbaşçylary 2019-njy ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa tarapyndan ýeňleninden we düýpden diýen ýaly ýok edilenden soň, "öz ukyplaryny we ulgamlaryny täzeden dikeltmäge, ýaňadan toparlanmaga" mejbur bolupdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ jeňçileri öz üstüne alandan soň, "Talyban" söweşijileri Kabuldaky keselhanany goraýarlar. Ol ýerde azyndan 19 adam ýogaldy. 2021-nji ýylyň noýabry.
Hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ jeňçileri öz üstüne alandan soň, "Talyban" söweşijileri Kabuldaky keselhanany goraýarlar. Ol ýerde azyndan 19 adam ýogaldy. 2021-nji ýylyň noýabry.

«Aslynda, ol YD-nyň ýaňadan diklenmegi üçin, esasy gurama öwrüldi» diýip, Webber aýdýar.

Şeýle hem YD-nyň Arabystan ýarymadasynda, Afrikada, Günorta-Gündogar Aziýada we Kawkazda şahamçalary bar.

DAŞARDA GEÇIRILÝÄN ÇÄRELER

Owganystanda we Pakistanda hüjümleri amala aşyrmagyny dowam etdirýän DAIŞ-H soňky aýlarda ünsüni daşarky operasiýalara gönükdirene meňzeýär.

Ýanwar aýynda Eýranyň günortasynda ýerleşýän Kerman şäherinde 90-dan gowrak adamy öldürmekde hut DAIŞ-H günäkärlendi. Bu Yslam Respublikasynda soňky onlarça ýylyň dowamynda bolan iň gandöküşikli terrorçylykly hüjümdir.

2024-nji ýylyň ýanwarynda, Eýranyň Kerman şäherinde bolan partlamalarda wepat bolan 90 adamyň käbiriniň jesediniň anyklanylyşy. Onuň jogapkärçiligi “Welaýat Horasanyň” üstüne goýuldy.
2024-nji ýylyň ýanwarynda, Eýranyň Kerman şäherinde bolan partlamalarda wepat bolan 90 adamyň käbiriniň jesediniň anyklanylyşy. Onuň jogapkärçiligi “Welaýat Horasanyň” üstüne goýuldy.

22-nji martda jeňçiler Moskwanyň etegindäki «Krokus Сити Холлda» azyndan 139 adamy öldürdiler. Bu Russiýada ýigrimi ýylyň içinde iň agyr terrorçylykly hüjüm boldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini YD öz üstüne aldy. ABŞ-nyň resmileri hüjümiň günäkäri hökmünde, gös-göni DAIŞ-H toparyny görkezdiler. Moskwa bolsa YD-nyň bölümi barada agzaman, "yslam ekstremistleri" diýip atlandyrdy.

25-nji martda DAIŞ-H Russiýada täze "gyrgynçylyklary" amala aşyrmak haýbatyny atdy. Moskwa Siriýada we Afrikada YD-nyň jeňçilerine garşy göreş alyp barýar. Şol wagtda hem Moskwa YD-nyň Owganystandaky esasy bäsdeşi bolan "Talybanyň" hökümeti bilen gatnaşyklaryny ýola goýýar.

MilitantWire.com saýtynda Webber DAIŞ-H Günbatar üçin çalt depginler bilen ösýän howpa öwrülýär diýip hasaplaýar.

"Gelejek göz öňünde tutulanda, munuň özi bolup biläýjek wakalaryň alamaty ýaly görünýär" diýip, ol aýtdy.

ABŞ-nyň harby güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň başlygy general Maýkl E. Kurilla 21-nji martda kanun çykaryjylara DAIŞ-H-nyň “ýene alty aýdan we hiç bir duýduryşsyz daşary ýurtlarda ABŞ-nyň we Günbataryň bähbitlerine hüjüm etmek ukybyny saklaýandygyny we muňa höwesiniň taýyndygyny" aýtdy.

Soňky ýyllarda Ýewropada kanun goraýjy edaralar DAIŞ-H-nyň birnäçe dildüwşüklerini ýüze çykardylar.

19-njy martda Germaniýanyň polisiýasy DAIŞ-H-nyň tarapdary diýlip çaklanýan iki adamy tussag edendigini aýtdy. Olar Şwed parlamentine hüjüm etmek üçin dildüwşük gurnamakda aýyplanýarlar.

Geçen ýylyň iýul aýynda, Germaniýanyň we Niderlandiýanyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, DAIŞ-H bilen aragatnaşyk saklaýandygy üçin, dokuz adam tussag edilipdi.

Geçen ýylyň dowamynda, şol ýurtlarda Kurhanyň ýakylmagyndan soň, bu topar Şwesiýada, Niderlandiýada we Daniýada terrorçylykly hüjümleri amala aşyrjakdygy bilen haýbat atdy.

«TOPARYŇ ERKIN ZABUNLYGY»

DAIŞ-H peýda bolandan soň, ilki başda Günorta we Merkezi Aziýa boýunça YD giň gerimli maksatlaryny amala aşyrmagyň çäklerinde, gündogar we demirgazyk Owganystandaky sähelçe ýeri basyp aldy. Emma 2019-njy ýyllar töwereginde, owgan we halkara güýçleri, şeýle hem "Talyban" tarapyndan, güýçli hüjümler bolanyndan soň, bu topar öz basyp alan territorialyndan gysylyp çykaryldy. Şondan bäri-de DAIŞ-H täze maksatlaryny amala aşyrmak üçin, şäher söweş strategiýasyna başlady.

«Biz “Welaýat Horasanyň” täze ugurlarynyň şaýady bolduk» diýip, The Khorasan Diary onlaýn-platforмasynы döredenleriň biri Риккардо Валле aýdýar. Onlaýn-platforмasy Owganystanda we Pakistanda harby toparlaryň hereketlerini yzarlaýar.

Onuň sözüne görä, DAIŞ-H ýerli toparlanyşykdan, ägirt territoriýany basyp almak isleýän "adaty goşun" hökmündäki güýje öwrüldi hem "has ölüm howpy abanýan terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmaga meňzeýän, öz erkin ulgamlaryny" döretmäge girişýär.

DAIŞ-H düzümi owgan we daşary ýurtly söweşijilerden ybarat. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2023-nji ýylyň iýun aýynda çap eden hasabatynda, Owganystandaky DAIŞ-H söweşijileriniň sanynyň "4 müňden 6 müňe çenli", şol sanda olaryň maşgala agzalaryndan durýandygy aýdylýar. Käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, bu san has pes.

Waşingtondaky terrorçylyk we goranyş syýasaty boýunça eksperti Sara Harmuş DAIŞ-H-nyň göz öňünde tutýan maksady territorial gözegçilik däl-de, gapdallaýyn söweşlere üns bermegi toparyň ýerli şertlere uýgunlaşmagyna mümkinçilik berdi diýýär.

«DAIŞ-H toparynyň ýerli şertlere uýgunlaşmagy YD ulgamyny halyfatdan soňky döwrüň çylşyrymlyklaryny ýeňip bilmegi üçin, has dyngysyz herekete we durnukly ýolbaşçylyga eýe edýär» diýip, Harmuş aýdýar.

Şeýle-de, Harmuş bu toparyň Owganystandan we Pakistandan daşarda uly howsala döreden hüjümleri amala aşyryp bilýändigini düşündirip, olaryň derejesiniň artmagyna we ukyplarynyň giňelmeginiň sebäp bolanyny öňe sürýär.

«Şeýle aýan edişlik YD-nyň has giň ulgamynda, DAIŞ-H esasan-da başgalary öz hataryna çekmekde we serişdeleri peýdalanmakda, öňdebaryjy orun eýeläp biler» diýip ekspert aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG