Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň Woroneždäki awiasiýa merkezine zarba urandygyny aýdýar


Türkiýe. Rus deňiz flotunyň raketa korweti Serpuhow Bosforda. 2016-njy ýylyň 5-nji oktýabry
Türkiýe. Rus deňiz flotunyň raketa korweti Serpuhow Bosforda. 2016-njy ýylyň 5-nji oktýabry

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw müdirligi 9-njy aprelde Russiýanyň günorta-günbataryndaky Woronež sebitinde bir awiasiýa okuw merkezine dron zarbasyny urandygyny tassyk etdi.

"Biz jikme-jiklikleri aýan etmeris, ýöne deslapky maglumatlara görä, kärhananyň esasy önümçilik desgalaryna zyýan ýetdi" diýip, Baş aňtaw müdirliginiň wekili Andriý Ýusow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Russiýanyň howpsuzlyk hyzmatlary bilen baglanyşykly “Baza” neşiriniň ýolbaşçylygyndaky rus telegram kanallary Ukrainanyň serhedinden 255 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Woronež sebitiniň Borisoglebsk şäherindäki awiasiýa okuw merkeziniň binasyna pilotsyz uçar hüjüminiň edilendigini habar berdi.

Ukrainanyň aýdanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi dört sany ukrain pilotsyz uçarynyň howa goragy ulgamlary tarapyndan urlandygyny, olaryň ikisini Belgorod sebitinde, beýleki ikisiniň Woronež sebitinde ýere gaçyrylandygyny aýtdy. Beýanatda pilotsyz uçarlaryň hiç hili zyýan ýetirmändigi aýdylýar.

Habar berilmegine görä, Ukrainanyň harby aňtaw gullugy bir gün öň Baltika deňziniň Kaliningrad eksklawynda duran rus harby gämisine zyýan ýetiren ýörite operasiýany amala aşyrdy.

Ukrainanyň harby aňtaw gullugy X-da, ozalky twitterde çap eden ýazgysynda Serpuhow raketa korwetiniň içinde dörän ýangynyň aragatnaşyk we awtomatlaşdyryş serişdelerini düýbünden ýok edendigini aýtdy.

Ýangyny kimiň turzandygy we ol ýerde ýaralanan adamlaryň badygy ýa-da ýokdugy barada hiç hili maglumat berilmedi. Hünärmenler ýaýradylan wideonyň, görnüşinden, gäminiň içindäki zyýankeşligi görkezýän bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar.

"Kiýew Post" we "Kiýew Independent" neşirleri, anyklaşdyrylmadyk çeşmelere salgylanyp, bu hüjümiň arkasynda ukrain harby aňtaw gullugynyň durandygyny habar berdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy uruş gämisine edilendigi aýdylýan hüjümi bada-bat tassyklap bilmedi. Russiýanyň döwlet habar beriş serişdeleri bu meselede dymmagy saýlap aldylar.

“Buyan-M” tapgyryna degişli bolan Serpuhow 2015-nji ýylda ulanmaga berildi.

Bu hüjüm, eger tassyk bolsa, Ukrainanyň rus harby gämisine garşy eden soňky we Baltika deňzinde amala aşyran ilkinji hüjümi bolar.

Ýerleşýän ýeri sebäpli, urşuň gidişine ýetirip biljek täsirinden başga, bu hüjümiň has köp psihologiki täsiriniň boljakdygy çaklanylýar.

Ukraina Noskwanyň giň gerimli çozuşynyň başyndan bäri Russiýanyň ýigrimi çemesi uruş gämisini urdy, Gara deňizde iki harby gämisini batyryp, ýüzlerçe deňizçi esgeriň mümkin bolan ölümine sebäp boldy.

Russiýa gark edilen gämileri we ölen esgerleriniň sany barada kän anyk maglumat bermeýär.

Ukraina 2024-nji ýylyň başyndan bäri has uzak aralyga uçýan pilotsyz uçarlary ulanyp, Russiýanyň has içindäki nyşanalara edýän hüjümlerini güýçlendirdi.

Ukraina şu aýyň başynda ukrain serhedinden 1200 km uzaklykda, Russiýanyň Tatarystan sebitinde ýerleşýän pilotsyz uçar zawodyna zarba urdy.

Ukrainanyň howa güýçleri Russiýanyň 9-njy aprel güni irden ýedi sebite - Mykolaýew, Odesa, Herson, Dnipropetrowsk, Poltawa, Winnytsýa we Lwow sebitlerine gönükdiren 20 pilotsyz uçarynyň ählisini ýok edendigini aýtdy.

Dron galyndylarynyň gaçmagy netijesinde dörän ýagdaýlar, ýaralanan adamlar ýa çekilen başga zyýan barada bada-bat habar berilmedi.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Gara deňziň üstünde Ukrainanyň gämä garşy “Neptun” raketasyny, Belgorod we Woronež sebitlerinde bolsa dört pilotsyz uçary ýok edendigini aýtdy. Bu aýdylanlaryň hiç biri bada-bat, garaşsyz tassyklanyp bilinmedi.

Diplomatik frontdaky maglumatlara görä, Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Kameron Florida ştatynda Donald Tramp bilen duşuşandan soň, 9-njy aprelde Waşingtona bardy. Ol Ukraina goýberilmeli kömek serişdesiniň ýoluna açmak üçin ýokary derejeli respublikalara basyş etmekçi bolýar.

Kameron Ukrainanyň gazanmaly ýeňşiniň "Amerikanyň we Ýewropanyň howpsuzlygy üçin wajypdygy" aýtdy, emma öňki prezident we özüni respublikanlaryň kandidaty diýip çaklaýan Tramp ABŞ-nyň Kiýewe berýän goldawyny tankytlaýar.

Şeýlelikde, Tramp bilen pikirdeş kanun çykaryjylar Kongresde Kiýew üçin berilmeli kömek bukjasynyň ýoluny baglaýarlar.

Forum

XS
SM
MD
LG