Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň şu ýyl Kiýewe bäş sany gipersonik raketa atandygyny aýdýar


25-nji martda Kiýew asmanynda urlan "Zirkon" raketasy
25-nji martda Kiýew asmanynda urlan "Zirkon" raketasy

Russiýa şu ýylyň başyndan bäri Kiýewe hüjüm etmek üçin bäş sany gipersonik raketasyny, “Zirkony” ulandy diýip, şäheriň harby administrasiýasy 1-nji aprelde aýtdy.

Şeýle-de, Moskwa ýylyň ilkinji üç aýynda Ukrainanyň paýtagtyna dürli görnüşli ýaraglar, şol sanda raketalar we dronlar bilen jemi 180 hüjüm etdi diýip, harbylar aýtdy.

Bu habar Russiýanyň soňky günlerde Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna edýän hüjümlerini güýçlendirip, birnäçe sebitde düýpli zyýan ýetiren wagtyna gabat geldi.

Moskwa goşunlary 22-nji martda iki ýyllyk giň gerimli urşuň dowamynda ýurduň elektrik infrastrukturasyna urlan iň uly zarba diýlip atlandyrylan hüjümi amala aşyrdylar. Bu elektrik togunyň uly möçberlerde kesilmegine sebäp boldy.

Russiýa Ukrainanyň ýylylyk we gidroelektrik stansiýalaryny nyşana almagyny geçen hepde hem dowam etdirdi.

Ukrainanyň howa güýçleri Russiýanyň soňky hüjüminde uçuran üç sany “Şahed” pilotsyz uçaryndan ikisini urup gaçyrdy diýip, ukrain harbylary 1-nji aprelde aýtdy.

Baş ştabyň hasabatynda bu hüjüm barada goşmaça maglumat berilmedi. Öňi alynmadyk pilotsyz uçaryň öz nyşanasyna ýetendigi ýa däldigi aýdylmady.

Ukrain serhetçileri Sumy sebitinde rus zyýankeşleri diýlip häsiýetlendirilen adamlaryň hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, Ukrainanyň döwlet serhet gullugy 1-nji aprelde aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Russiýanyň edýän agyr hüjümlerine garamazdan, öz ýurdunyň "muňa hötde geljekdigini" aýtdy.

Russiýa soňky döwürde Ukrainanyň energiýa desgalaryna edýän hüjümleri Ukrainada 2022-23-nji ýylyň gyşynda dörän agyr ýagdaýyň gaýtalanmak ähtimallygy baradaky aladalary güýçlendirdi. Şonda Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny nyşana alyp, elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilmegine sebäp bolupdy.

Ukrainanyň iň uly hususy energiýa firmasy bolan DTEK 30-njy martda öz alty zawodynyň bäşisiniň zyýan çekendigini ýa-da weýran edilendigini, olaryň elektrik toguny öndürmek kuwwatlylygynyň 80 göterimini ýitirendigini, abatlaýyş, bejeriş işleriniň 18 aýa çenli wagt alyp biljekdigini aýtdy.

“Rus terrorçylygy üçin indi biziň durmuşymyzy bozmak synanyşyklarynda ne gije, ne-de gündiz bar. Öten agşam ýene adamlara garşy raketa we “Şahed” pilotsyz uçarlary ugradyldy. Emma biz özümizi goraýarys, biziň ruhumyz peselemýär, ol ölümiň öňüni alyp boljakdygyny bilýär. Durmuş üstün çykyp biler" diýip, Zelenski 31-nji martda, Pasha baýramçylygyna gabat sosial mediada çap edilen beýanatynda aýtdy.

Ukrainanyň howa güýçleri biraz öň Russiýanyň öten agşam eden hüjüminde ýurduň çägine jemi 16 raketa atandygyny we 11 pilotsyz uçar uçurandygyny habar berdi. Şeýle-de, howa güýçleriniň rus pilotsyz uçarlarynyň dokuzysyny, raketalaryň hem dokuz sanysyny ýok etmegi başarandygy aýdylýar.

Diplomatik frontda, Fransiýanyň daşary işler ministri Stefan Sejourne 1-nji aprelde, Parižde pekinli kärdeşi bilen geçiren duşuşygyndan soň, Hytaýyň öz ýakyn hyzmatdaşy bolan Russiýa "açyk habarlary" ibermegine garaşýandygyny aýtdy.

Sejourne, Ukrainada dowamly parahatçylygyň ýola goýulmagyna goşant goşmak üçin, Fransiýanyň Hytaý bilen aradaky ýakyn gepleşikleri dowam etdirjekdigini aýtdy.

Fransiýa we Hytaý soňky ýyllarda özara gatnaşyklary has berkitmäge synanyşdylar we daşary işler ministri Wan Yi fewral aýynda Parižde geçirilen duşuşyklarda prezident Emmanuel Makrona Pekiniň onuň ýurdunyň "garaşsyz" pozisiýasyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Emma Pariž hem öz gezeginde Pekine, Moskwa bilen arada Ukraina garşy başlanan giň gerimli uruşdan bari has berkän ýakyn gatnaşyklary sebäpli, gysyş görkezmäge synanyşdy.

Forum

XS
SM
MD
LG