Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Merkezi Aziýadan bolan migrantlara Amerika uçmaga rugsat bermeýär. Olar täze ýollary gözleýärler


Stambul aeroportynda "Turkish Airlines" Merkezi Aziýadan we Russiýadan bolan ýolagçylaryň Meksika we Latyn Amerikanyň beýleki ýurtlaryna uçýan uçarlara münmeginiň öňüni aldy. Bu ýurtlara uçýan migrantlar ABŞ-nyň serhedine barmak isleýärler diýlip hasaplanýar.
Stambul aeroportynda "Turkish Airlines" Merkezi Aziýadan we Russiýadan bolan ýolagçylaryň Meksika we Latyn Amerikanyň beýleki ýurtlaryna uçýan uçarlara münmeginiň öňüni aldy. Bu ýurtlara uçýan migrantlar ABŞ-nyň serhedine barmak isleýärler diýlip hasaplanýar.

Merkezi Aziýa respublikalaryndan we Orsýetden bolan onlarça ýolagça Stambulda, uçarlara münmäge rugsat berilmedi. Turkish Airlines awiakompaniýasy Meksika we Latyn Amerikasynyň birnäçe ýurduna barýan ýolagçylara täze çäklendirmeleri girizdi. Bu ugur ABŞ-nyň günorta serhedine barjak bolýan daşary ýurtlular üçin, meşhur ýol saýylýar. Şeýle-de bolsa, migrantlaryň köpüsi munuň Amerikan arzuwynyň amala aşmagyna päsgel bermejekdigini aýdýarlar. Olar Meksika eýýäm başga ugry, şol sanda Dubaýdan täze ýollary tapýarlar.

Saltanat ýanýoldaşy bilen Moskwadan Dubaýa we yzyna bilet satyn alypdyr. Şol bir wagtda, olaryň yzyna dolanmak maksady ýok.

Ellerinde täjik we Russiýanyň raýatlygy bolan maşgala Birleşen Arap Emirliklerini uzak ýol üçin, tranzit nokady hasaplaýarlar, olar Meksikanyň üsti bilen ABŞ-a barmaga umyt edýärler.

«Biz ilkibaşda Stambuldan Meksika uçmak isledik, ýöne Telegram’dan türk howaýollarynyň Orsýetden we ozalky SSSR-iň ýurtlaryndan bolanlaryň Latyn Amerika uçarlaryna münmegine rugsat bermeýändigini okadyk, şoňa görä-de ýolumyzy üýtgetdik» diýip, adynyň doly aýdylmazlygy haýyş eden Saltanat aýdýar.

Soňky wagtlarda Turkish Airlines tarapyndan, Stambulda Merkezi Aziýadan, Russiýadan we Kawkazdan bolan onlarça ýolagçy Meksika we Latyn Amerikasynyň käbir ýurtlaryna ugraýan uçarlara goýberilmedi. Bu ABŞ-nyň serhedine ýetmäge synanyşýan migrantlar üçin, meşhur tranzit ugur hasaplanýar.

Turkish Airlines awiakompaniýasy Meksika, Braziliýa, Kolumbiýa, Kuba we Wenesuela uçýan ýolagçylar üçin, "goşmaça barlaglary" yglan etdi.

Wizadan başga-da, ýolagçylardan yzyna gaýtmak biletleriniň bolmagy, myhmanhanada ýeriň bardygyny we onuň doly tölenen resminamasy hem-de syýahat üçin ýeterlik serişdeleriň subutnamasy talap edilýär. Türkiýäniň özi Türkmenistandan başga Orsýetiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlaryndan, wiza talap etmeýär.

Bu çäklendirmelere ABŞ-nyň serhedinde migrantlaryň köpelmegini togtatmak boýunça köpmilletli tagallalaryň bir bölegi hökmünde garalýar. 2023-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň günorta-günbatar serhetlerinde rekord derejedäki 2,5 milliondan gowrak migrant toplanypdy. Şeýdip, olardan köp adam tutulman serhetden geçip bildiler.

Geçen ýyl Merkezi Aziýa ýurtlaryndan migrantlaryň sany has-da artdy: sebitden on müňlerçe adam ABŞ-nyň çägine bikanun girdi. Olaryň arasynda Özbegistandan 17 müňe golaý adam, Gyrgyzystandan ýedi müň, Täjigistandan üç müň, Gazagystandan 2,7 müň, Türkmenistandan hem iki müňe golaý adam bardy.

ABŞ-nyň statistikasyna görä, şu ýylky bikanun migrantlaryň, şol sanda Merkezi Aziýadan bolanlaryň akymy peselmeýär.

Amerikanyň Gümrük we serhet gullugynyň maglumatyna görä, diňe ABŞ-nyň bir serhet geçelgesi – Kaliforniýa Ştatyndaky San-Diego gulluk punktyndan, 2024-nji ýylyň başyndan bäri migrantlaryň 140 müňüsi, şol sanda Özbegistanyň 2500-e golaý raýat, Täjigistandan we Gyrgyzystandan degişlilikde 500 we 400 raýat geçipdir.

STAMBULDA SAKLANMAK

Türk howaýollarynyň Stambul aeroportunda, soňky çäklendirmeler esasynda saklanan ýolagçylaryň käbiriniň bilet we beýleki çykdajylar üçin, birnäçe müň dollarlyk zyýan çekendigini aýdýarlar.

Iň arzan, yzyna gaýtaryp bolmaýan biletleri satyn alan ýolagçylaryň köpüsi gaýtargy tölegini alyp bilmändirler. Olaryň käbiri uçmaga rugsat beriljekdigine umyt edip, birnäçe günläp aeroportda ýa-da şäherde saklanyp, myhmanhanalara we azyk önümlerine gitdigiçe köp pul harçlamaga mejbur bolupdyr.

Migrantlar Meksikadan ABŞ-a aşmak üçin, tikenli germewden geçmek mümkinçiligine garaşýarlar.
Migrantlar Meksikadan ABŞ-a aşmak üçin, tikenli germewden geçmek mümkinçiligine garaşýarlar.

«Men aeroportda bolýan ýa-da myhmanhanalarda gijesine 115 dollara golaý pul töleýän maşgalalary bilýärin» diýip, asly Gyrgyzystandan bolan bir orsýetli aýdýar.

Ol adam fewral aýynda Meksikanyň Kankun şäherine uçup barandan soňra, ýene yzyna – Stambula sürgün edilendigini anonim şertde Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna gürrüň berdi. Ol yzyna sürgün edilmeginiň sebäbini aýtmady, ýöne Meksikany tranzit hökmünde peýdalanyp, ABŞ-a geçmek isländigini boýun aldy.

Stambula gelensoň, başga bir Latyn Amerikasy ýurduna uçar biletlerini satyn alypdyr, emma oňa uçara münmäge rugsat berilmändir. Ol adamyň aýtmagyna görä, başa barmadyk ýolunyň dowamynda, 15 müň dollar harçlapdyr.

Russiýadan bolan käbir ýolgaçylaryň elinde dolanmak üçin biletleriniň we myhmanhanada ýerleşmäge resmi kagyzlarynyň bardygyna garamazdan, uçara münmäge rugsat berilmedi, sebäbi pasportlarynda ozalky wizalary bolmadyklar ýa-da Kankunda uzak wagtlyk dynç almak üçin, diňe el goşlary bolan ýolagçylar ABŞ-nyň serhedinde galar diýen şübhe döredipdir.

BIRAZ OŇAÝSYZLYK

Saltanat we onuň ýanýoldaşy üçin, Turkish Airlines kompaniýasynyň täze düzgüni diňe "biraz oňaýsyzlyk", bu olara Amerikan arzuwyny amala aşyrmaga päsgel bermez.

«Biz ol ýagdaýy bilen badymyzda, derrew wiza talap etmeýän ýurtlaryň sanawyna seredip başladyk. Şol ýerdenem Meksika uçup bileris – diýip, Saltanat Azatlyga gürrüň berýär. — Biz Birleşen Arap Emirliklerini saýladyk. Biz rus pasportlarymyz bilen BAE, ondanam Meksika wizasyz uçup bilýäris».

Saltanat ýoluň galan bölegi üçin, biletleriniň bardygyny ýa-da ony indi Dubaýda satyn aljakdyklaryny anyklaşdyrmady.

Russiýada üstünlikli gurluşyk işiniň eýesi bolan Saltanatyň äri ABŞ-da täze durmuş başlatmak isleýär. Eýýäm 30 ýaşdan geçen är-aýala Gazagystandan bolan ýakyn dostlary hemra boljaklar.

«Olar Türkiýäniň üstünden, Braziliýa gitjekdiler. Şol ýerden Günorta Amerikanyň käbir ýurtlary arkaly Meksika, belki-de, [talaňçylara] pul töläp barmakçy. Biz haçan-da bolsa, bir wagt Amerikada ýene-de goňşy bolmak isleýäris» diýip, Saltanat aýdýar.

Saltanat özlerine kyn ýoluň garaşýandygyny bilýär, olar Birleşen Ştatlara ýetýänçäler türmä basylmak, ogurlanmak howpy bilen, hatda ölüm töwekgelçiliginiň bardygyna düşünýär. Eger maşgala ABŞ barsa-da, olary yzyna sürgün edip bilerler.

Ýöne hiç bir töwekgelçilik ony saklamaýar: «Müňlerçe orsýetli, Merkezi Aziýalylar Amerika aşdylar, olardan diňe az bölegi yzyna sürgün edildi».

Saltanatyň adamsy rus goşunyna çagyrylyp, Ukrainadaky söweşe iberilmek howpy sebäpli gaçybatalga soramagy planlaşdyrýar.

Merkezi Aziýadan gelip, Amerikada ýaşaýan migrant tanyşlaryndan, olaryň eşidişine görä, ol ýere baranlaryň haýyşy ret edilse-de, olaryň işine seredilip gutarýança, birnäçe ýyl geçende, soňra ýene-de arz edip bolýar.

ABŞ-nyň häzirki hereket edýän kanunyna laýyklykda, başpena soraýanlaryň köpüsine iş rugsady berilýär, olaryň dokument işini bolsa az maliýeleşdirilýän immigrant kazyýetleri uzak wagtlap gijä galdyrýar.

Saltanat we onuň ýanýoldaşy ahyrsoňy Amerikada ýaşamak we işlemek arzuwynyň amala aşjakdygyna umyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG