Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Harkowdaky jaýa uran 'ýigrenji' zarbalary 4 adamy öldürdi


Harkowda zarba urlan jaý
Harkowda zarba urlan jaý

Rus pilotsyz uçarlarynyň öten agşam Ukrainanyň birnäçe sebitine, şol sanda Harkowa eden hüjümlerinde iki sany ýaşaýyş jaýyna urlan zarbalar dört adamyň ölümine, 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy, prezident Wolodymyr Zelenskiý bu hüjümleri "ýigrenji" diýip häsiýetlendirdi.

Ukrainanyň baş ştaby 4-nji aprel gijesinde we irden 20 pilotsyz uçaryň zarba urandygyny, olaryň 11-siniň howa goragy güýçleri tarapyndan saklanandygyny aýtdy.

Zelenski bu hüjümden birnäçe sagat soň ozalky twittered, X-da Harkowdaky hadysada ilkinji dron zarbasynyň bir aýaly, parahat ýaşaýjyny öldürendigini, ikinji dron zarbasynyň bolsa üç sany halas ediş işgäriniň ölümine sebäp bolandygyny ýazdy we muny “ýigrenji we siniki hüjüm” diýip atlandyrdy.

Zelenski Kiýewiň ukrain “şäherleriniň we obalarynyň goragyny güýçlendirmek üçin hyzmatdaşlar” bilen işleşýändigini, “Ukrainanyň howa goranyş mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň gönüden-göni adamlaryň janyny halas etmek bolup durýandygyny” hem sözüne goşdy.

Daşary işler ministri Dmytro Kuleba Brýusselde, harby bileleşigiň 75 ýyllygyny belleýän gününde, NATO-nyň ýygnagynda eden çykyşynda, berilmegi ähtimal söweş ýaraglaryny nazarda tutup, özüniň "şu günki esasy gürrüňiniň “Patriotlar” barada boljakdygyny” aýtdy.

Kuleba NATO agzalaryny ýubileý güni bilen gutlanyndan soň "Duşuşygy bozasym gelenok, ýöne şu gün meniň esasy gürrüňim “Patriotlar” bolar” diýdi.

"Ukrainalylaryň janyny halas etmek, Ukrainanyň ykdysadyýetini halas etmek, Ukrainanyň şäherlerini halas etmek Ukrainadaky "Patriotlaryň" we beýleki howa goranyş ulgamlarynyň elýeterliligine, olaryň bolmagyna bagly. Biz "Patriotlar" hakda gürrüň edýäris, sebäbi olar ballistik raketalary saklap bilýän ýeke-täk ulgam" diýip, Kuleba sözüniň üstüni ýetirdi.

Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow Telegramda 14 gatly ýaşaýyş jaýyna, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylýan ulaglara zyýan ýetendigini görkezýän suratlary çap etdi.

Döwlet gyssagly kömek gullugynyň metbugat sekretary Ýewhen Wasilenko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna halas ediş işgärleriniň golaýdaky kiçiräk binada galan adamlary halas etmäge synanyşandygyny aýtdy.

"Harabalygyň aşagynda kömege mätäç adamlar bardy" diýip Wasilenko aýtdy. “Halas edijiler wakanyň bolan ýerine derrew gelip ýetdiler we halas ediş işlerine girişdiler, duşman edil şol wagt ýene bir pilotsyz uçar hüjümini etdi" diýip, ol sözüni üstüni ýetirdi.

"Adatça, halas ediş işgärleri ikinji zarbanyň urulmak howpy bar bolan ýagdaýynda, özlerine pena boljak ýere çekilýärler. Ýöne bu gün bir adam harabalygyň aşagynda galyp, kömege mätäç bolup durdy, şonuň üçin olar derrew hereket etmeli boldy" diýip, Wasilenko sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, Harkow wakasynda üç sany gyssagly kömek ulagyna zyýan ýetendigi habar berildi.

Harkowyň sebit polisiýasy Harkow sebitiniň Lozowa we Zmiýew şäherlerine urlan pilotsyz uçar zarbalarynda ýaşaýyş jaýlaryna we ulaglara zyýan ýetendigini habar berdi. Emma mümkin bolan pidalar barada bada-bat habar berilmedi.

Energetika ministrligi Zmiýewdäki elektrik stansiýasyna zyýan ýetendigini habar berdi. Şeýle-de, ministrlik rus toplarynyň Dnipropetrowsk sebitindäki gün elektrik stansiýasyna zyýan ýetirendigini aýtdy.

4-nji aprel güni irden günortadaky Zaporižýa şäherinde bolan partlamalar barada hem habar berildi.

2-nji aprelde Ukraina bilen serhetden 1000 km uzaklykda ýerleşýän ýerler, Russiýanyň Tatarystan sebitinde Eýranda öndürilen “Şahed” pilotsyz uçarlarynyň ýygnalýandygy aýdylýan senagat merkezi güman edilýän ukrain dronlary tarapyndan nyşana alyndy.

Tatarystanyň başlygy Rustam Minnikhanow 3-nji aprelde ýerli kärhanalara olaryň özlerini bolup biljek howa hüjümlerinden goramalydygyny duýdurdy.

"Siz howa goraglary öz problemalaryňyzy çözmäge girişýänçä garaşmaly däl" diýip, ol aýtdy. "Biz, her bir kärhana, her bir şäher olary [problemalary] öz serişdelerimiz esasynda çözmeli” diýip, tatar lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-da ýerleşýän Urşy öwreniş instituty 3-nji aprelde Russiýanyň, ukrain serkerdeliginiň howa goranyş ulgamlaryny frontdan daşrakda ýerleşdirmegine has kän basyş görkezmek üçin, Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna, hususan-da energiýa toruna garşy urýan dron we raketa zarbalaryny has-da güýçlendirip biljekdigini ýazdy.

Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli urşunyň başyndan bäri parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär, emma Ukrainanyň şäherleri we raýat infrastrukturasy yzygiderli raketa we pilotsyz uçar hüjümlerine sezewar bolýar.

Ukrain we halkara kömek guramalarynyň konsorsiumy fewral aýynda soňky iki ýylda azyndan 10,500 ukrain raýatynyň “yzygiderli bombalamak, minalar we pilotsyz uçar hüjümleri” netijesinde öldürilendigini habar berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG