Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Baýdeniň ogly bilen bagly kompaniýany terror maliýeleşdirmesinde aýyplaýar


"Burisma Holdings" kompaniýasynyň Kiýewdäki binasy
"Burisma Holdings" kompaniýasynyň Kiýewdäki binasy

Russiýanyň ýokary derňew guramasy, görnüşinden, ABŞ-nyň gyzgalaňly prezident saýlawy kampaniýasynyň arasynda dezinformasiýa, nädogry maglumat ýaýratmak tagallasyny edip, ozal ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň ogly bilen arabaglanyşygy bolan bir ukrain kompaniýasyna garşy derňew işini açandygyny aýtdy.

Derňew komiteti 9-njy aprelde "Burisma Holdings" we onuň "ABŞ we NATO ýurtlarynyň ýokary wezipeli adamlary" tarapyndan Russiýada terrorçylyk hereketlerini maliýeleşdirmäge gatnaşygy diýilýän derňewe başlaýandygyny aýtdy.

Komitet bu derňewiň geçirilmegini birnäçe rus kanun çykaryjysynyň talap edendigini aýtdy.

“Burisma Holdings” Ukrainanyň nebit-gaz kompaniýasy bolup, Hanter Baýden 2014-nji we 2019-njy ýyllar aralygynda onuň direktorlar geňeşiniň bir agzasy bolupdy.

Bu kompaniýa Birleşen Ştatlarda respublikan kanun çykaryjylar we beýlekiler tarapyndan ençeme ýyl bäri subut edilmedik, delilsiz galýan aýyplamalaryň merkezinde durýar. Olar şol wagtky wise-prezident Jo Baýdeniň, “Burismanyň” esasy eýesini goramagyň bir çäresi hökmünde, ukrain resmilerine ýurduň şol wagtky baş prokuroryny işinden aýyrmaklary üçin basyş edendigini öňe sürýärler.

Bu aýyplamalar birnäçe gezek ýalana çykaryldy we ilkibaşda bu aýdylýan aýyplamalaryň ýaýramagynda möhüm rol oýnan gümürtik amerikan telekeçileri tarapyndan hem aç-açan ret edildi.

Donald Trampyň 2019-njy ýylda prezident hökmünde ilkinji gezek jogapkärçilige çekilmegi, impiçmenti Tramp bilen prezident Wolodymyr Zelenskiniň arasynda geçirilen telefon gürrüňi netijesinde ýüze çykdy. Görnüşinden, Tramp bu telefon gürrüňinde ABŞ-nyň Kiýewe berjek harby kömegini Zelenskiniň Baýdeniň garşysyna jenaýat derňewini açmagy buýurmak şerti bilen baglanyşdyrdy.

Şol wagt ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi bolan diplomat Demokratik kanun çykaryjylara Trampyň ýaranlarynyň Zelenskini "Burismany derňemek boýunça öz üstüne açyk borçnama almaga” itekländiklerini aýtdy.

Häzirki wagtda Wekiller öýüne gözegçilik edýän respublikan kanun çykaryjylar Baýdeni kazyýet jogapkärçiligine çekmek synanyşygynyň çäginde “Burismany” esasy merkez edindiler.

Bu synanyşyk fewral aýynda, Baýden bilen Hanter, hersi “Burismadan” 5 million dollardan para aldy diýen aýyplamany öňe süren esasy şaýat diýýän zatlaryny toslamakda we Federal derňew býurosyna ýalan maglumat bermekde aýyplanandan soň, şowsuz gutardy.

Geçen aý, “Crocus City Hall” binasyna edilen we 140-dan gowrak adamyň ölümine sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň, rus resmileriniň "Birleşen Ştatlaryň we NATO ýurtlarynyň ýokary derejeli resmileriniň" Russiýanyň içindäki terrorçylygy maliýeleşdirmäge ilteşiklidigi barada aýdan zatlary köpleri geň galdyrdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" (YD) ekstremist toparynyň bir bölümi öz üstüne aldy, ýöne rus resmileri, hiç bir delil getirmezden, bu işiň Ukraina we Birleşen Ştatlar bilen ilteşiklidigini gaýta-gaýta öňe sürdüler.

Derňew komitetiniň 10-njy aprelde beren habary barada soralanda, Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Saliwan muny "bolgusyzlyk" diýip atlandyrdy.

"Russiýa Moskwadaky terrorçylykly hüjümiň “Yslam döwleti” topary tarapyndan amala aşyrylandygyny bilýär" diýip, ol aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG