Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtda we Balkanda dem alyş keselleri ýene ýaýraýar


Aşgabadyň keselhanasy (Arhiw suraty)
Aşgabadyň keselhanasy (Arhiw suraty)

Türkmenistanda dümew we dem alyş ýollarynyň keselleri ýene-de ýaýbaňlanýar. Keselhanalara ýüz tutýan hassalaryň köpelen wagtynda, dermanhanalarda derman gytalýar. Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatyndaky we Aşgabatdaky soňky ýagdaýlary habar berýärler.

Balkanda uly we kiçi ýaşly adamlaryň arasynda ýene-de dem alyş ýollarynyň hassalygy we dümew giň ýaýraýar. Türkmenbaşyda dermanhanalarda nobatlar we derman gytçylygy emele geldi. Azatlygyň günbatar welaýatdaky habarçysynyň bu barada 21-nji martda beren maglumatyna görä, käbirler gyzgynyny derman bilen özbaşdak düşürmäge synanyşýan bolsa, beýekiler lukmanlara ýüz tutmaga mejbur bolýar. Soňky günlerde gyzgyny aşa ýokarlanyp, Tiz kömek gullugyna ýüz tutmaga mejbur bolýar adamlaryň sany köpelipdir.

"Şu günler dem alyş ýollarynyň keselleriniň we grip keseliniň alamatlary bilen tiz kömege ýüz tutýanlaryň sany köpeldi. Mundan 10 gün ozal bir gijede 35-40 adam tiz kömegi çagyran bolsa, şu günler bir gijede 300-den köp jaň gelýär. Tas ählisi aşa ýokary gyzgyndan şikaýat edýär. Tiz kömek ulaglary olaryň ählisine baryp ýetişmeýär, şonuň üçin çagyrýanlaryň 70%-niň arzy kanagatlandyrylýar, galanlara ýetişip, bolmaýar" - diýip, Türkmenbaşy şäheriniň Tiz kömek gulluklarynyň birinde işleýän lukman gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen lukmanlaryň sözlerine görä, näsaglaryň ejir çekýän esasy alamatlarynyň biri ýokary gyzgyn bolup, käte ony düşürmek kyn bolýar.

"Adamlar beden gyzgyny 40-dan ýokary bolup, huşundan gidýänçä hassahana gitmezligi makul bilýärler we çydap oturýarlar. Köpçülikde hassahanada ýatmak üçin pullary ýok. Käbirler antibiotikleri we antiwirus dermanlaryny satyn alyp, öýlerinde bejergi almaga synanyşýar, emmä beýlekilerde muňa-da puly ýok. Tiz kömegiň hasabyndaky mugt dermanlary hem bermek bize gadagan edilýär. Ol dermanlar diňe görkezmek üçin saklanýar, barlag gelende bar diýmek üçin durýar"- diýip, türkmenbaşyly ýene bir lukman gürrüň berdi.

Şähriň hususy dermanhanalary agşam 21:00 çenli işleýär. Bu ýagdaýda gije gyzgyny göterilen hassalarda gyzgyn düşüriji derman almak üçin ýene-de Tiz kömege mätäç bolýarlar.

Türkmenbaşynyň keselhanalaryna düşýänleriň arasynda çagalar hem köp. Hassa çagalaryň köpüsinde ýokary gyzgyn ýaly alamatlar duş gelýär.

"Soňky üç günde 50-ä golaý 6-15 ýaş aralygyndaky çagany reanimasiýa bölümlerine ýerleşdirdik. Olaryň ene-atalarynda maddy mümkinçilik bolman keseli agyr derejä ýetipdir. Beden gyzgyny üç günläp 39 gradusdan ýokary bolsa, bagyryň we öýkeniň funksiýasyna zeper ýetýär we netijelere getirýär. Reanimasiýa ýatyrlan çagalarda burny ganamak, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bolup, olaryň immun sistemasy örän pes. Köp maşgalalarda çagalara witaminli iýmit bermäge mümkinçiligi ýok. Şeýle çagalar keseliň öňünde gowşak bolýar we agyr geçirýär" diýip, türkmenbaşyly saglyk işgäri gürrüň berdi.

Türkmenbaşyda maska dakynýan adam köpeldi.

Bu aralykda dümew alamatly keselçilik Aşgabatda hem ýaýraýar. Hassalyk güýçli üsgülewük, ýokary gyzgyn, dem tutma ýaly alamatlar bilen geçýär.

Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, dümew keseliniň ýene bir täze tolkunynyň döremegi zerarly köp adam daşary çykanda ýüzüne maska dakynmagy makul tapýar.

Bu ýagdaýda dermanhanalarda witaminler we beden üçin zerur jisimli iýmite goşmaçalar gytalýar. Satylýan dermanlaryň ýokary nyrhy köpçülige elýeterli bolmaýar.

"Türkmenistanda ilatyň saglygy we iýmitlenişi döwleti gyzyklandyrmaýar. Döwletiň ilatyň saglygyna degişli meýilnamalary we amallary täjirçilik gazanç maksatlary bilen utgaşdy. Türkmenistanda döwlet we hususy dermanhanalarynda daşary ýurtlardan import edilýän dermanlaryň, witaminleriň, biogoşundylaryň bahasy örän gymmat" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy pikirini paýlaşdy.

Türkmenistanda dümew we dem alyş ýollarynyň keselçiligi güýzden bäri saklanýar we wagtal-wagtal güýçlenýär. Gyş aýlarynda birnäçe gezek tutaşan keselçilik zerarly çagalaryň ýogalan halatlarynyň ençemesi barada Azatlygyň habarçylary maglumat beripdi. Türkmen hökümeti we döwlet habar beriş serişdeleri keselçiligiň ýagdaýyna degişli resmi maglumatlary we statistikany çap etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG