Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elon Mask Hytaýa sapar edip, öz-özüni dolandyrýan tehnologiýalary maslahat edýär


Elon Mask (arhiw suraty)
Elon Mask (arhiw suraty)

28-nji aprelde Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Elon Mask öňünden yglan edilmedik sapar bilen Pekine geldi.

Onuň ýokary derejeli hytaý resmileri bilen öz-özüni dolandyrýan tehnologiýalary we maglumatlary daşary ibermek barada rugsat almak boýunça maslahat etmegine garaşylýar. Bu barada ýagdaýlardan habarly bir çeşme maglumat berdi.

Hytaýyň döwlet mediasynyň habaryna görä, Mask Pekinde premýer Li Çiang bilen gepleşik geçiripdir. Onuň dowamynda hytaýly resmi Maska, Teslanyň Hytaýdaky ösüşine ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň üstünlikli bir mysaly hökmünde garalyp bilinjekdigini aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG