Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dronlar Russiýanyň has içine aralaşyp, senagat desgalaryna zarba urdy


Tatarystanyň "Alabuga" ykdysady senagat zonasyna zarba urlan desga
Tatarystanyň "Alabuga" ykdysady senagat zonasyna zarba urlan desga

Pilotsyz uçarlar 2-nji aprelde Russiýanyň Tatarystan sebitinde dron-önümçilik desgalaryny öz içine alýan senagat ýerlerini nyşana aldy we ýedi adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, ýerli resmiler aýtdy. Bu, aýdylmagyna görä, Russiýanyň has içine urlan zarba bolup görünýär.

"Şu gün irden respublikanyň Ýelabugada we Nižnekamskda ýerleşýän senagat kärhanalaryna pilotsyz uçarlar hüjüm etdi. Çynlakaý zyýan ýok, kärhanalaryň tehnologiki prosesi bozulmady" diýip, Russiýanyň Tatarystan awtonom respublikasynyň lideri Rustam Minnihanow telegram kanalynda paýlaşan ýazgysynda aýtdy.

Ýelabuga etraby Alabuga diýlip atlandyrylýan ýörite ykdysady zona hökmünde kesgitlenen we bu ýerde himiýa, mehaniki inženerçilik we metal arassalaýyş zawodlary ýaly 20-den gowrak senagat kärhanasy ýerleşýär. Şeýle-de, bu ýerde pilotsyz uçarlaryň öndürilýändigi habar berildi.

Nižnekamsk nebiti gaýtadan işleýän uly zawodyň ýerleşýän ýeri bolup durýar.

"Roýters" habar gullugynyň Nižnekamskä edilen hüjümiň täsirini görkezýän suratlaryna görä, pilotsyz uçar ýurduň iň uly nebit kärhanalarynyň birine, Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän “Taneko” zawodynda nebiti gaýtadan işleýän CDU-7 bölümine zarba urdy.

Alabuganyň metbugat gullugy bu hüjümde umumy ýaşaýyş jaýlarynyň birine zyýan ýetendigini, iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Nowosti” habar gullugy habar berdi.

Rus metbugatynyň maglumatlaryna görä, pilotsyz uçarlar bilen edilen howa hüjüminde jemi ýedi adam ýaralandy.

Tatarystanyň Saglygy goraýyş ministrligi biraz soň ýaralananlaryň üçüsiniň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligi barada resmi beýanat edilmedi. Bu ýerler Ukraina-Russiýa serhedinden 1200 km uzaklykda ýerleşýär.

Ukrain hökümetiniň içindäki çeşmeleriň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtmaklaryna görä, nebiti gaýtadan işleýän “Taneko” zawodyna edilen hüjüm Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw müdirligi (HUR) bilen Howpsuzlyk gullugynyň (SBU) bilelikde gurnan operasiýasy boldy.

"RBK-Ukraina" öz çeşmelerine salgylanyp, Alabugadaky pilotsyz uçar zawodyna edilen hüjümiň Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw gullugy (HUR) tarapyndan gurnalandygyny habar berdi.

Sanly özgerişler ministri Mihaýlo Fedorow 1-nji aprelde “Welt” gazetinde çap edilen interwýusynda Ukrainanyň 1000 kilometrden gowrak aralyga uçýan pilotsyz uçarlaryň önümçiligini örän ýokarlandyrandygyny aýtdy.

Ukrainanyň harby hünärmeni Oleh Ždanow Ukrainanyň Alabuga meýdançasynda pilotsyz uçarlary öndürýän täze desgany nyşana alana meňzeýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol, häzirki wagtda Kiýew tarapyndan öndürilýän pilotsyz uçarlaryň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Russiýanyň has töründe ýerleşýän desgalara uruljak zarbalaryň has köpelmek ähtimallygyny çaklady.

“Häzir açyk çeşmelerde üç müň kilometre çenli uzaklyga aralaşýan pilotsyz uçarlaryň peýda bolmagynyň gaty ähtimaldygy barada gürrüň edilýär. Tehnologiýa bir duran ýerinde durmaýar” diýip, Ždanow AÝ/AR-nyň “Idel.Hakykatlary” neşirine aýtdy.

Fedorow geçen ýylyň aýagynda hökümetiň iň häzirki zaman “dron goşunyny” gurmagy maksat edinýändigini we onuň uruş tagallalaryndaky ähmiýetiniň şu ýylyň ahyryna çenli aýdyň boljakdygyny aýtdy. "Ukraina geçen ýyl 10,000-den gowrak täze dron pilotlaryny taýýarlady" diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Ukraina Gara deňizdäki rus deňiz gämilerine zarba urýan deňiz pilotsyz uçarlaryny ulanyşa girizdi.

Ukraina soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna we, uzak aralyga aralaşýan pilotsyz uçarlary bilen, beýleki senagat desgalaryna hüjüm etdi.

17-nji martda edilen hüjüm Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän ondan gowrak zawodyny nyşana aldy. Bu, berilýän habarlara görä, Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň takmynan 12 göterimine barabar bolýar.

Forum

XS
SM
MD
LG