Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Moskwadaky “Krokus siti holl” konsert zalyndaky adam pidaly hüjüm bilen bagly gynanç bildirdi


Rus mediasy hüjümi azyndan bäş adamyň geçirendigini ýazýar.
Rus mediasy hüjümi azyndan bäş adamyň geçirendigini ýazýar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň etegindäki Krasnogorskda ýerleşýän “Krokus siti holl” konsert zalyndaky adam pidaly hüjüm bilen bagly, özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putine gynanç bildirdi.

22-nji martda giçlik kamuflýajly ýaragly hüjümçileriň 6 müň 200 oturgyçly konsert zalyndaky adamlaryň köpçüligine ot açmagy netijesinde, azyndan 93 adam öldi, başga-da ýüzlerçesi ýaralandy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topar öz üstüne aldy.

Berdimuhamedowyň 23-nji martda çap bolan gynanç hatynda, Türkmenistanyň terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygy aýdylýar.

“Piknik” rok aýdym-saz toparynyň konsertiniň başlamagynyň öň ýanynda bolan hüjümde ençeme partlama boldy. Konsert zalynyň ýokarky gaty tutaşan ýalyn sebäpli agdy.

Hüjümde ejir çekenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň barlygy ýa ýoklugy boýunça maglumat häzirlikçe elýeterli däl.

Rus mediasy hüjümçileriň sanynyň azyndan bäş adam bolandygyny ýazýar.

Forum

XS
SM
MD
LG